"Türk halky taryhyň dowamynda garaşsyzlygyny goramagy we parahatçylygy üpjün etmegi maksat edindi"

Prezident Erdogan, Çanakkale Gury ýer söweşleriniň 105 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme çap etdi

1405349
"Türk halky taryhyň dowamynda garaşsyzlygyny goramagy we parahatçylygy üpjün etmegi maksat edindi"

Prezident R.T. Erdogan, türk halkynyň taryhyň dowamynda elmidama garaşsyzlygyny goramagy we parahatçylygy üpjün etmegi maksat edinendigini aýtdy.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Prezident Erdogan, Çanakkale Gury ýer söweşleriniň 105 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde, Çanakkala Gury ýer söweşleriniň 105-nji ýylynda, watany we baýdagy üçin söweşen esgerleriň gahrymançylygyny we halkyň çeken kynçylyklaryny gürrüň berdi, şehitleri we gahrymanlary uly hormat bilen hatyralady.

“Milletimiz üçin “Çanakkale ruhy” iň agyr şertlerde hem agzybirlikde basyp alyjy güýçlere garşylyk görkezmek, garaşsyzlygy üçin söweşmek, ýeňiş gazanjakdyklaryna ynanmak, agzybirlikde we  jebislikde maksadyňa ýetmek üçin ýöremek diýmekdir” diýen Prezident Erdogan, gadymdan bäri erkin ýaşan halkyň, söweşlere we hüjümlere boýun egmändigini we egmejekdigini nygtady.

Prezident Erdogan “Tarymyzyň dowamynda elmidama garaşsyzlygymyzy goramagy we parahatçylygy üpjün etmegi maksat edindik. Ähli kynçylyklara we dökbençliklere garamazdan, söweşe, terrora we zuluma garşy durduk, parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy goramak üçin tagalla etmäge dowam etdik we dowam ederis. Çanakkale Gury ýer söweşleriniň 105 ýyllygy mynasibetli dünýä ýene-de bir gezek parahatçylyk üçin çagyryş berýäris. Biz söweşleriň bolmazlygy we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin tagalla edýäris, geljek nesillerden hem Çanakkalanyň berýän möhüm ýüzlenmelerine hemişe eýe çykmaklaryna garaşýarys” diýdi.

Prezident Erdogan, Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň başda durmagynda Çanakkale gahrymanlaryny uly hormat bilen hatyralady.

 



Degişli Habarlar