Britaniýanyň we Russiýanyň Saglygy Goraýyş Ministrleri Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Matt Hankok we rus kärdeşi Mihail Muraşko bilen söhbetdeşlik geçirdi

1403967
Britaniýanyň we Russiýanyň Saglygy Goraýyş Ministrleri Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Hankok telefon söhbetdeşliginde başdan geçirilýän agyr şertlerde Brtaniýa gerek bolan goraýjy enjamlary ugradan türk hökümetine minnetdarlygyny bildirdi.

“Britaniýa iňňän möhüm kömek berdiňiz, Türkiýe bu tapgyrda iň esasy üpjün ediji ýurt boldy” diýen Hankok, mundan soňky tapgyrda-da ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini nygtady.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Muraşko bolsa Türkiýeden satyn alynan lukmançylyk enjamlary üçin ministr Koja sagbolsun aýtdy.

Fahrettin Koja telefon söhbetdeşliginde dünýäniň şu adatdan daşary şertlerde ýakyn hyzmatdaşlyk edip, arkalaşygy dowam etdirmelidigini belläp,Türkiýedäki bejeriş tapgyrlary hakynda kärdeşlerine giňişleýin maglumat berdi.

Ministr Koja rus kärdeşi bilen geçiren söhbetdeşliginde şol bir sebitde ýerleşýän iki ýurduň esasanda koronawirusa garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyga taýardygyny belläp: “Alymlarymyz bilen rus alymlarynyň arasynda tejribe alyşylmagy ýola goýulyp bilner” diýdi.

Türkiýe şu günki güne çenli Germaniýa, Bosniýa-Gersegowina, Britaniýa, Eýrana, Hytaýa, DKTR-na, Palestina, Ispaniýa, Italiýa, Somali Respublikasyna, Serbiýa, Tunise we beýleki ýurtlara lukmançylyk enjam goldawyny berdi.



Degişli Habarlar