Mewlüt Çawuşogly Siriýa temaly Astana maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly Astana fomatyndaky 7-nji Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

1403496
Mewlüt Çawuşogly Siriýa temaly Astana maslahatyna gatnaşdy

Mewlüt Çawuşogly, maslahatda rus kärdeşi Sergeý Lawrow we eýranly kärdeşi Muhammed Jewad Zarif bilen Siriýa çarçuwasynyň çäginde koronawirus epidemiýasyna garşy göreş meselesini ara alyp maslahatlaşdy. 

Ministr Çawuşogly, maslahat bilen baglanşykly özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Astana formatyndaky Daşary işler ministrleriniň 7-nji maslahatyny telekonferensiýa arkaly geçirdik. Siriýa çarçuwasynyň çäginde koronawirus epidemiýasyna garşy göreş meselesini ara alyp maslahatlaşdyk. Idlib we Ýewfrat derýasynyň gündogary başda bolmak bilen soňky hadysalary, syýasy etaby, ynsanperwer kömek ýagdaýyny we bosgunlaryň yzyna gaýdyp gelmegini maslahatlaşdyk" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar