Erdogan: "Türkiýe meseläniň öňünde dik durup güýjüni görkezdi" diýdi

Prezident Erdogan, halkara guramalaryň manysyny ýitiren döwründe Türkiýäniň meseläniň öňünde dik durup güýjüni görkezendigini beýan etdi

1401677
Erdogan: "Türkiýe meseläniň öňünde dik durup güýjüni görkezdi" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Stambul Başakşehir şäher hassahanasynyň ulanylmaga berilmegi we ýerli dem alyş enjamynyň gowşurylyş dabarasynda eden çykyşynda, döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygy esasynda durmuşa geçirilen taslamalaryň çäginde, 10 şäher hassahanasynyň ulanylmaga berilendigini ýatladyp: "Şu günki gün 5400 doly enjamlaşdyrylan we 19 howa ulagy bilen iň döwrebap tiz kömek flotlarynyň birine eýediris. Türkiýe saglygy goraýyş ulgamynda dessan ýazdy. Koronawirus epidemiýasyndan soň dörediljek täze dünýä düzgüninde ýurdumyzy hak eden ýerine ýetirmek üçin ählimiz bilelikde has köp işläris. Dünýä wentilýator babatynda kynçylyklar başyndan geçirýän mahaly, biz bu etabyň hötdesinden üstünlikli ýagdaýda geldik" diýip belledi. 

Erdogan: "Täze eýýamda, täze maýa goýumlar bilen täze eserler bilen täze hyzmatlar bilen ýurdumyzy has hem beýgelderis" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #hassahana , #Erdogan

Degişli Habarlar