Türkiýäniň suw giňişligine giren Gresiýa degişli gaýyklar uzaklaşdyryldy
Balykesir welaýatynyň suw giňişliginde, Türkiýäniň suw giňişligine giren Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyklar Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugyna degişli gaýyklar tarapyndan çykaryldy
Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy tarapyndan berilen beýanata görä, Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan motory ýerinden sökülip, Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen çiýşirilen gaýykdaky bosgunlaryň kömek soramaklary netijesinde sebite Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli 1 sany gaýyk gönükdirildi.
Sebitde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli 3 sany gaýygyň bardygynyň we suw giňişligine girendikleri anyklananyndan soň şol ýere Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli ýene-de 5 sany gaýyk gönükdirildi.
Deňizde kyn ýagdaýda galan 10 bosgun halas edildi, Türkiýäniň suw giňişligine giren Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyklar bolsa suw giňişliginden uzaklaşdyryldy.
Degişli Habarlar
Erdogan, Azerbaýjany Garaşsyzlyk Güni Bilen Gutlady
Erdogan, Aliýewe, 28-nji maý Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.