Türkiýede Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1769 adama ýetdi

Türkiýänniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja koronawirus bilen baglanşykly beýanat berdi

1400341
Türkiýede Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1769 adama ýetdi

Türkiýänniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Ylmy Geňeş bilen geçiren maslahatyndan soň beren beýanatynda, soňky 24 sagatda ýene-de 126 adamyň ýogalandygyny we şeýlelik bilen ýurtda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 1769 adama ýetendigini habar berdi. 

MInistr Koja, şol bir wagtda 40 müň 270 adamdan test geçirilendigini we şolaryň 4 müň 353-sinde koronawirusyň bardygynyň anyklanandygyny mälim etdi. 

Saglyk ýagdaýy gowulanyp, öýlerine ugradylanlaryň sanynyň bolsa 8 müň 631 adama ýetendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar