Goranmak ministrligi: "Kandilde 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi"
Yragyň demirgazygyndaky Kandilde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Kandilde gözegçilik enjamlary bilen anyklanan PKK-a agza 4 terrorçy, howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.
Beýanatda mundan başgada: "Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde dowam edýän gözleg we saplaýyş işlerinde, terror guramasy PKK-a degişli gaçybatalgalarda we gowaklarda zenit ýaragyna degişli 3 guty ok-däri, 3 sany RPG-7 raketanyň ok-därisi, elde ýasalýan bombalarda ulanylýan däriler, köp mukdarda ammoniý nitrady, ýaragyň 2 magazini, köp sanda gurama degişli resminamalar we gündelik ýaşaýyş üçin materiallar ele salynyp ýok edildi" diýip mälim edildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.