Erdogan tussaglylaryň hökümleriniň ýerine ýetirilmegi baradaky täze düzgünnama barada beýanat berdi

Prezident Erdogan, tussaghanalardaky tussaglylaryň hökümleriniň ýerine ýetirilmegi baradaky täze düzgünnamanyň, jemgyýetiň wyždanynyň duýgurlygy ünsden düşürilmän taýarlanandygyny belledi

1398095
Erdogan tussaglylaryň hökümleriniň ýerine ýetirilmegi baradaky täze düzgünnama barada beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, TBMM-de kabul edilen, tussaghanalardaky tussaglylaryň hökümleriniň ýerine ýetirilmegi baradaky täze kanunlaryň üstünde durup geçdi. 

Täze düzgünnamanyň, ýola goýulmagyndaky kynçylyklar bilen birlikde, milletiň we döwletiň wyždanynyň duýgurlygy ünsden düşürilmän taýarlanandygyny aýdan Erdogan, täze düzgünnama bilen ulgamyň işleýşini, hem zyýan çekenler taýdan hem-de tussaglylar taýdan has adalatly ýagdaýa getirmegi maksat edinendiklerini habar berdi. 

Tussaghanalardaky tussaglylaryň koronawirus epidemiýasyndan goranmak üçin çäreleriň görülýändigini aýdan Erdogan: "Hukuklary, janlary we saglyklary döwleta amanat bolan bu adamlaryň wirusa ýolukmazlyklary üçin ähli çäreler görülýär" diýip belledi. 

Prezident Erdogan, tussaghanalardaky tussaglylaryň hökümleriniň ýerine ýetirilmegi baradaky täze düzgünnamada, bar bolan meseleleri çözmek üçin ädimler edilendigini nygtady. 

Kanunyň resmi gazetde çap edilmeginden soň, tussaglylaryň hökümleriniň ýerine ýetirilmegi bilen bagly giriziljek üýtgeşmelere laýyk ýagdaýda, köp sanda tussaglynyň tussaghanadan çykyp biljekdigini aýdan Erdogan: "Bu raýatlarymyzyň, döwletiň we jemgyýetiň özlerine bildirilen ynamyny puja çykarmajakdyklaryna ynanýaryn" diýdi. 



Degişli Habarlar