Türkiýe Liwiýa lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

Lukmançylyk enjamlary kömegi, Milli ylalaşyk hökümetine tabşyryldy

1396267
Türkiýe Liwiýa lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreş maksady bilen Liwiýa ugradan lukmançylyk enjamlary kömegi, Türkiýäniň Liwiýadaky ilçisi Serhat Aksen tarapyndan, BMG tarapyndan ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümetiniň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Muhammed Heýsem Isa tabşyryldy.

Ilçi Aksen, epidemiýa garşy göreşde ýurtlaryň biri-birine goldaw bermelidigini nygtady.

Ilçi Aksen “Türkiýe dost we doganlyk Liwiýanyň halky bilen arkalaşykly hereket edýändiginiň görkezijisi hökmünde lukmançylyk enjamlary kömegini ugrady we Liwiýanyň halkyna goldaw berýändigini görkezdi” diýdi.

BMG tarapyndan ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümetiniň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Muhammed Heýsem Isa hem Liwiýa ähli taraplaýyn kömek berýän Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.


Etiketkalar: #Liwiýa , #kömek , #lukmançylyk

Degişli Habarlar