Yragyň demirgazygynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabynda gözegçilik ulaglary arkaly anyklanan 2 PKK terrorçysy howa hüjümi arkaly ýok edildi

1395164
Yragyň demirgazygynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli goranmak ministrligi terrorçylyga garşy alynyp barylýan göreş hakynda beýannama çap etdi.

Ministrligiň beýannamasynda: “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabynda gözegçilik ulaglary bilen kesgitlenen ekstremist terror guramasy PKK-nyň 2 agzasy geçirilen howa operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz ýokary depginde dowam eder” diýilýär.



Degişli Habarlar