Türkiýede koronawirusa garşy görülýän çäreler öz netijesini bermäge başlady

Türkiýäniň biri-birinden tapawutly welaýatlarynda täze görnüş koronawirus bejergisi tamamlanan adamlar öýlerine ugradylmaga başlandy

1393128
Türkiýede koronawirusa garşy görülýän çäreler öz netijesini bermäge başlady

Çorum welaýatynda  Kovid-19 bilen kesellän 9 adam keseliň hötdesinden gelip, bejergi alýan hassahanalaryndan öýlerine ugradyldy. 

Tokat welaýatynda koronawirus bejergisi tamamlanan 42-nji adam el çarpmalar bilen öýüne ugradyldy. 

Zile etrabynda birnäçe wagt ozal biynjalyk bolan we koronawirus testi položitel çykan 3 çaganyň ejesi 42 ýaşyndaky Elmas Doganyň Tokat döwlet hassahanasynda bejergisi tamam boldy. 

Hassahanadan çykarylan zenan, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň el çarpmalary bilen öýüne ugradyldy. 

Beýleki tarapdan, Maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar ministrligi tarapyndan koronawirusa garşy görülýän çäreleriň çäginde "Öýsüzlere ýaşaýyş ýer taslamasy" durmuşa geçirilmäge başlandy. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň buýrugy bilen käbir harby myhmanhanalar, koronawirusa garşy göreşiň çäginde saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri üçin açyldy. 


Etiketkalar: #Hulusi Akar , #Çorum , #Tokat

Degişli Habarlar