Serbiýa bilen Demirgazyk Makedoniýa koronawirusa garşy göreşde Türkiýeden kömek sorady

Boşnýak Milli geňeşi, Prezident Erdogana hat ýazyp, koronawirus epidemiýasyna garşy göreş üçin kömek sorady

1392395
Serbiýa bilen Demirgazyk Makedoniýa koronawirusa garşy göreşde Türkiýeden kömek sorady

 

Serbiýada boşnýaklaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Sanjak welaýatynda iş alyp barýan Boşnýak Milli geňeşi, koronawirusa garşy göreşde Türkiýeden kömek sorady.

Boşnýak Milli geňeşi, Prezident R. T. Erdogana hat ýazyp, Sanjak welaýatynda hem ýaýraýan koronawirus epidemiýasyna garşy göreş üçin wagtlaýyn hassahananyň gurulmagy we karantina üçin zerur bolan enjamlar üçin kömek sorady.

Hatda Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamy güýçli ýurtdygyna üns çekilip, Türkiýeden gysga wagtda lukmançylyk enjamlarynyň we hünärmen toparynyň ugradylmagyny isleýändikleri nygtaldy.

Serbiýada koronawirus sebäpli 51 adam ýogaldy, 1908 adam hem hasaba alyndy. Sanjak welaýatynda hem 22 keselliniň bardygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministri Nikola Dimitrow hem koronawirusa garşy göreş üçin Türkiýeden kömek sorandyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar