Siriýanyň demirgazygynda 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň demirgazygynda geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1391450
Siriýanyň demirgazygynda 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitine od açandyklary, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine bolsa girmäge synanyşandyklary mälim edildi. 

Beýanatda: "Howpsyzlygymyzyň we asudalygymyzyň kepili bolan desant güýçlerimiz, Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitine od açan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy bilen Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza ýene-de 5 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berildi.



Degişli Habarlar