Fahrettin Koja welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi

Saglygy goraýyş ministri welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi

1391537
Fahrettin Koja welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, täze görnüş koronawirus epidemiýasy bilen baglanşykly ýurdyň 81 welaýatynyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi. 

Maslahatda, Kovid-19 epidemiýasyna garşy welaýatlarda alynyp barylýan işler, wirusa ýolugan adamlaryň saglyk ýagdaýlary, bejergi protokollary, intensiw terapiýa bölümleriniň dolulylyk derejeleri we şol meseleler üçin zerur bolan zatlar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Maslahatda Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, položitel wakalaryň gözden geçirilmeginiň çalt depginler bilen geçirilmelidigini belläp: "Bu tapgyrda wirusa ýolugan adamlarymyzy izolirlemesek, wirusy gözegçilik etmek mümkinçiligimiz galmaz. Şol sebäpli başdaky işimiz şolary gözegçilik astyna almagymyz gerek. Ikinji işimiz bolsa gelen syrkaw adamy tiz wagtda keselini anyklap, irki etapda intensiw terapiýa bölümine ýatyrylmaly bolanlary ol bölüme ýatyrmalydyrys, öýlerine ugradylamaly bolan we gözegçilik edilmeli syrkawlary bolsa, tiz wagtda öýlerine ugradyp izlorlenmegini üpjün etmelidiris, bu etap hem örän möhümdir" diýip belledi. 

Fahrettin Koja, wirusy kesgitlemek we bejergi etmek etabynyň tiz depginde ýerine ýetirilmelidigini nygtap: "Intubasiýa etabyny nähili derejede uzadyp bilsek, bu etabyň şonçada hötdesinden gelip biljekgimizi pikir edýärin" diýip habar berdi. 

 



Degişli Habarlar