Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza jemi 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1390607
Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Parahatçylyk Çeşmesi sebitiniň günortasyna hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 10 terrorçynyň desant güýçleriniň üstünlikli operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Gahryman desant güýçlerimiz, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitiniň günortasynda ýene-de bir üstünlikli operasiýa geçirdi. Asudalygy we durnuklylygy bozmak üçin hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan, Milli Goranmak ministrligi Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza ýene-de 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar