Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1388431
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşandygy aýan edildi.
Beýanatda: "PKK/ÝPG-e agza 9 terrorçy, gahryman desantlarymyzyň üstünlikli operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň dowam etmegi üçin her dürli çäreler görlümäge dowam ediler" diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.