Bitlisde terrorçylykly aksiýa geçirmek isleýän 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi
Türkiýäniň Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan Bitlis welaýatynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, ýurdyň içinde howpsyzlygy üpjün etmek maksady bilen geçirilýän operasiýalaryň çäginde, Bitlisde Žandarma güýçleriniň welaýat serkerdeliginiň ýöriteleşdirilen toparlary tarapyndan geçirilen howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada, terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görendigi anyklanan 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.