Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde dört adam şehit boldy

Ýaralanan adamlar Jeýlanpynar döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy

1377281
Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde dört adam şehit boldy

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen howpsyz ýagdaýa getirilen Siriýanyň Rasulaýn etrabynda, PKK/PÝD/ÝPG-e agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1 türk esger we 3 ýerli howpsyzlyk gullukçysy şehit boldy. 

Şanlyurfa welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda: "Şu gün Siriýanyň Rasulaýn etrabyndaky ýol gözegçilik nokadynda terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-e agza terrorçylar tarapyndan bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümiň netijesinde 1 türk esger we 3 ýerli howpsyzlyk gullukçysy şehit boldy" diýip mälim edildi. 

Beýanatda hüjümiň netijesinde şeýle hem 7-si asuda ilatdan jemi 10 adamyň ýaralanandygy habar berildi. 

Ýaralanan adamlar Jeýlanpynar döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy. 

 


Etiketkalar: #hassahana , #Rasulýan , #şehit

Degişli Habarlar