Prezident Erdogan Brýussele guran sapary barada uçarda beýanat berdi

Migrantlar meselesiniň çözülmegi üçin Türkiýe bilen ÝB bilelikde iş meýilnamasyny taýarlar

1375660
Prezident Erdogan Brýussele guran sapary barada uçarda beýanat berdi

Prezident R. T. Erdogan Belgiýanyň paýtagty Brýusselde düýn NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we ÝB Komissiýasynyň aşlygy Ursula fon der Laýen bilen Türkiýä abanýan howplar hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan Brýussele guran iş sapary hakynda uçarda metbugata beýanat berdi.

Türkiýäniň gümrük geçelgelerini açmagy sebäpli Ýewropa gitmek isleýän migrantlaryň Gresiýa serhedine barandygyna ünsi çeken Erdogan, migrantlar meselesiniň çözülmegi üçin Türkiýe bilen ÝB-niň bilelikde iş meýilnamasyny taýarlajakdygyny aýtdy.

Iş meýilnamasyny taýarlajak toparyň başynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen ÝB-niň Ýokary wekili Borelliň bardygyny aýdan Erdogan, 26-njy martda geçiriljek ÝB-niň liderler maslahatyna çenli bu ugurda uly öňe gidişligiň edilmegine garaşýandyklaryny belledi.

Erdogan sişenbe güni Stambulda Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahat geçirjekdiklerini we maslahata Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsonyň hem gatnaşyp biljekdigini nygtady.

 

 

 

 



Degişli Habarlar