Şu gün 8-nji mart Halkara Zenanlar güni

Prezident Erdogan Halkara Zenanlar güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1374067
Şu gün 8-nji mart Halkara Zenanlar güni

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, çap eden gutlag ýüzlenmesi bilen ähli aýal-gyzlary 8-nji mart Halkara Zenanlar güni bilen gutlady.

Gutlag ýüzlenmesinde, zenanlaryň pidakärlikleri bilen jemgyýetiň gelejegini şekillendirýändigine ünsleri çeken Prezident Erdogan: “Pidakärlikleri, zähmetleri, söýgüleri we göreşleri bilen gelejegimiziň şekillenmeginde möhüm orun eýeleýän, adamlaryň ilkinji mugallymlary bolan zenanlarymyzy 8-nji mart Halkara Zenanlar güni bilen gutlaýaryn” diýip belledi.

Prezident Erdogan, zenanlaryň maşgalanyň we jemgyýetiň esasy sütünidigini belläp: “Bilimden iş dünýäsine we syýasata çenli ähli ugurda zenanlarymyzyň täsirli bolmagy, kemçiliklerini aýdyp bilmekleri, çözgütleri bilen ýolbelet bolmaklary we öňbaşçy bolmaklary örän möhümdir. Bu etapda bilimli, özüne ynamy ýokary we edermen zenanlarymyz biziň iň uly güwämizdir” diýip nygtady.

Erdogan, diskriminasiýanyň öňüne geçmegiň jemgyýetiň ähli gatlagynyň jogapkärçiligidigini belledi.

Ýüzlenmesinde aksiýalaryň gurbany bolup ýogalan zenanlara Alladan rehnet dilän Prezident Erdogan, şehit bolan esgerleriň zenanlaryna bolsa sabyr dileýändigini habar berdi.  



Degişli Habarlar