Erdogan: "Asada tabynlykdaky güýçler ylalaşygyň düzgünini bozsa operasiýa dowam eder" diýdi

Erdogan çykyşynda, Russiýa bilen baglaşylan Idlib sebitinde od açmazlyk bilen bagly ylalaşygyň üstünde durup geçdi

1374243
Erdogan: "Asada tabynlykdaky güýçler ylalaşygyň düzgünini bozsa operasiýa dowam eder" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň Türkiýäniň Russiýa bilen baglaşan Siriýanyň Idlib sebitinde od açmagy bes etmek bilen bagly ylalaşygyň düzgünini bozan halatynda, operasiýanyň ýaňadandan başlajakdygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan, 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli Stambulyň Haliç kongres merkezinde geçirilen "Türkiýäniň gahryman zenanlary" atly çärede çykyş etdi. 

Erdogan çykyşynda, Russiýa bilen baglaşylan Idlib sebitinde od açmazlyk bilen bagly ylalaşygyň üstünde durup geçdi. 

Türkiýäniň geçirýän operasiýasy bilen Siriýanyň territoriýasyny basyp almak ýaly niýetiniň bolmandygyny aýdan Erdogan: "Ýeke täk islegimiz, ýurdumyzda ýaşaýan 3,6 million siriýaly bilen serhetlerimizde garaşýan 1,5 million idlibliniň howpsyz ýagdaýda öýlerine gaýdyp barmaklaryny üpjün etmek" diýip belledi. 

Erdogan: "Asada tabynlykdaky güýçleriň biziň Russiýa bilen gazanan ylalaşygyň düzgünlerini bozan halatynda berk ýagdaýda ýene-de bu zalymlaryň üstüne bararys. Biz bu ylalaşygy diňe Idlibdäki krizisiň mundan has köp gan akdyrylmadan çözüwini üpjün etmek maksady bilen baglaşdyk" diýip nygtady. 

 

 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #Russiýa , #Idlib , #Erdogan

Degişli Habarlar