Soňky 24 sagatda Asada tabynlykdaky güýçlerden 184 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi

"Operasiýa düýn gije gury ýerden we howadan üstünlikli ýagdaýda dowam etdi"

1372300
Soňky 24 sagatda Asada tabynlykdaky güýçlerden 184 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň Idlib welaýatynda howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin Türk ýaragly güýçleri tarapyndan guralýan “Bahar Galkany” operasiýasynda soňky 24 sagatda Asada tabynlykdaky güýçlerden 184 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, operasiýanyň düýn gije gury ýerden we howadan üstünlikli ýagdaýda dowam edendigi nygtaldy.

Beýanatda “Soňky 24 sagatda 4 tank, 5 top, 8 harby ulag, 2 sowutly ulag bilen birlikde köp sanly harby enjam hatardan çykaryldy. Asada tabynlykdaky güýçlerden 184 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi”diýildi.



Degişli Habarlar