Yragyň demirgazygynda PKK-a garşy operasiýa geçirildi

Awaşinde 4, Hakurkda 5 bolmak bilen PKK-a agza jemi 9 terrorçy, geçirilen howa operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirildi

1371428
Yragyň demirgazygynda PKK-a garşy operasiýa geçirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Twitter hasabyndan Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylar bilen bagly beýanat berdi.

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde 4 terrorçy, Hakurkda 5 terrorçy bolmak bilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza jemi 9 terrorçy, geçirilen howa operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beren beýanatynda: “Iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalarymyz dowam eder” diýip mälim edildi.


Etiketkalar: #terrorçy , #Hakurk , #Awaşin

Degişli Habarlar