Erdogan: “Putin bilen duşuşykdan garaşýan netijämiz hüjümleriň bes edilmegi”

Prezident R.T.Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda çykyş etdi

1371836
Erdogan: “Putin bilen duşuşykdan garaşýan netijämiz hüjümleriň bes edilmegi”

Prezident R.T.Erdogan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ertir Moskwada geçirjek duşuşygyndan garaşýan netijesiniň Siriýanyň İdlib welaýatynda hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Erdogan Başar Asadyň başlykly edýän hökümetiniň we onuň ýaralanlarynyň Siriýada çagalary, aýallary gyryp, hakyky ýüzlerini görkezmäge dowam edýändikierini nygtady.

Siriýanyň hökümetiniň möwjeýän hüjümlerinden soň 27-nji fewralda başladylan “Bahar galkany” operasiýasy bilen olara agyr zarba urandyklaryny nygtan Erdogan: “Söweşmegi bilmeýän däl, söweşmek islemeýändigimizi soňky operasiýamyz bilen hemmelere ýene-de bir gezek subut edendigimize ynanýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan: “Türkiýe hem öz howpsyzlygy we asudalygy hem-de siriýaly bigünä adamlary halas etmek üçin gönüden göni işe girişdi. Bu netije eger İdlibden we beýleki howpsyz ýerlerden çekilen halatymyzda terrorçylaryň gönüden ýurdumyzy nyşana aljakdygynyň in konkret görkezijisi” diýdi.

Erdogan grek howpsyzlyk güýçleriniň bosgunlara rehimsiz çemeşmegine hem reaksiýa bildirip: “Gresiýanyn başda durmagynda ÝB-niň ähli agzalaryny Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasyna laýyklykda ýurduna gelen bosgunlara sarpa goýmaga çagyrýarys” diýdi.

Erdogan taryhda faşistik Germaniýanyň hüjümlerinden gaçyp Siriýa syğynan greklere edilen kömekleriň suratlary barada bolsa: “Bu suratda nahar we egin-eşik paýlanýan grek oglanlardan we gyzlardan biri belkem Gresiýanyň gäzirki Premýer ministri Kiriakos Miçotakisiň atasy ýa-da enesi bolup biler” diýdi.

Prezident Erdogan: “Bosgunlary ýurtlaryna almazlyk üçin deňizde gark etmekden atyp öldürmeğe çenli ähli ýola baş goşýan grek, haçanda bir gün şol merhetmede özleriniň hem mätäç bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däl” diýdi.

Prezident Erdogan maslahatdan soň žurnalistleriň soraglagyna jogap berdi.

Erdogan Russiýa saparyndan nämä garaşýandygy bilen bagly soraga: “Sebitde iň gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini gazanmak” diýip jogap berdi.

Prezident Erdogan ABŞ-nyň ok-däri goldawyny bermek hakyndaky beýannamasy barada bolsa, ABŞ-nyň Prezident Donald Trampa şol talaplaryň ýetirilendigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar