Prezident Erdogan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Erdogan duşuşykda sözlän sözünde bosgunlar meselesinde Ýewropa ýurtlaryna berk reaksiýa bildirdi

1370066
Prezident Erdogan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Prezident R.T.Erdogan Ýewropa ýurtlaryna berk reaksiýa görkezip; “Gapylar açylandan soň “Gapylary ýapyň” diýip, yzly yzyna telefon edýärler. Ol iş gutardy. Siz hem ýük götermeli bolarsyňyz” diýdi.

Prezident Erdogan Ankaranyň Esenboga adyndaky howa menzilinde Türkiýäniň Biržalar we Birleşmeler Bileleşiginiň öňbaşçylygynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Erdogan duşuşykda sözlän sözünde: “Türkiýäniň iň esasy güýji jebisligi, agzybirligi, doganlygy we arkalaşygy” diýdi.

Erdogan Türkiýäni terror guramalary bilen gabaw astyna almak isleýänlere, şäherlerine gözüni diken hökümetler bilen gorkuzmaga synanşýanlara, ykdysady duzaklar bilen bökdemek isleýänlere ýol bermejekdiklerini aýtdy.

Bosgunlar meselesinde-de durup geçen we goldaw bermedik Ýewropa ýurtlaryna berk reaksiýa görkezen Erdogan: “Gapylary açandan soň yzly-yzyna telefon etmäge başladylar, “gapylaryň ýapyň” diýýäler… Ol iş gutardy, indi gapylar açyldy. İndi sizem şol ýükden nesibäňizi almaly bolarsyňyz diýdik” diýdi.

Penşenbe güni Moskwa baryp, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny beýan eden Erdogan: “Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşarys. Men indi hüjümleriň bes edilmegini ýa-da beýleki başlangyçlary ederis diýip tama edýärin” diýdi.

Siriýada hökümetiň hüjümlerine degişli gaýtawulyň görkezilýändigini aýdan Erdogan: “Her şehidimiz üçin onlarça hökümet esgerlerini ýok edip, uçaryndan tankyna çeni ýok edip, agyr zarba urýarys. Biz gysga möhletde bu göreşi ýeňiş bilen tamamlap, artykmaç ganyň dökülmeginiň öňüni almak isleýäris. İne şonuň üçinem diplomatik tagallalarymyz hem dowam edýär” diýdi.

Erdogan operasiýanyň dowamynda hiç kimden hili kömek soramaýandyklaryny beýan etdi.

 

 



Degişli Habarlar