Erdogan: “Türk Gözegçilik Nokatlaryndan Çekilmeseler Omuzlarynyň Üstünde Kelle Galmaz”

Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň paýtagt Ankaradaky Welaýat maslahatlaşma mejlisine gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi

1370228
Erdogan: “Türk Gözegçilik Nokatlaryndan Çekilmeseler Omuzlarynyň Üstünde Kelle Galmaz”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlib sebitinde Türkiýäniň kesgitlän serhediň daşyna çykman halatynda, omuzlarynyň üstünde kelleleriniň galmajakdygyny habar berdi.

Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň paýtagt Ankaradaky Welaýat maslahatlaşma mejlisine gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi.

Erdogan, Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümlerinden gaçan millionlarça bosgunyň ýüküniň, hemişelik ýagdaýda Türkiýäniň egnine atylmagyna rugsat bermejekdiklerini beýan etdi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümlerine gerek bolan jogabyň berilýändigini aýdan Erdogan, häzirki wagta çenli Asada tabynlykdaky güýçleriň adam we harby ulag ýitgileriniň entek başlangyçdygyny habar berdi.

Prezident Erdogan, gözegçilik nokatlaryna howp abanan halatynda: “Başdan geçirilenlerden ders almaýanlaryň gözegçilik nokatlarymyza hüjüm etmek bilen bagly hemleleri özüne gelmediklerini subut edýär. Türkiýäniň kesgitlän serhetleriň daşyna çykmasalar, birnäçe wagt soň omuzlarynyň üstünde bolanja kelleleri hem galmaz. Her biri janymyzyň bir bölegi bolan esgerlerimiziň janyna howp abandyranlary, ýer bilen ýegsan etmek boýnumyzyň borjudyr” diýip nygtady.

Çykyşynda, Russiýa we Eýrana ýene-de bir gezek ýüzlenen Erdogan: “Siriýada biziň siziň bilen hiç hili meselämiz ýok” diýip belledi.



Degişli Habarlar