Türkiýe Siriýada toprak we nebit üçin däl eýsem serhediň howpsyzlygy üçin iş alyp barýar

Türkiýe täze göç tolkunynyň hötdesinden gelip bilmez

1369059
Türkiýe Siriýada toprak we nebit üçin däl eýsem serhediň howpsyzlygy üçin iş alyp barýar

 

Prezident. T. Erdogan, Türkiýäniň Siriýada toprak ýada nebit üçin däl eýsem serhediň howpsyzlygy üçin iş alyp barýandygyny aýtdy.

Erdogan Stambulda halk deputatlarynyň duşuşygynda eden çykyşynda “Siriýada serhetlerimiziň howpsyzlygyny üpjün etmek isleýäris, biz toprak ýada nebit islemeýäris” diýip belledi.

“Biz Siriýa Asadyň çakylygyna laýyklykda gitmedik” diýen Erdogan “Biz Siriýanyň halkynyň laýyklykda gitdik. Siriýanyň halky bize ýol berýänçä biziň Siriýadan çykmak ýaly niýetimiz ýok” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan çykyşynda Idlibde guralan hüjümde şehit bolan esgerleriň sanynyň 36-a ýetendigini belledi.

Siriýa serhedinde 30 kilometrlik meýdanda howpsyz zolagyň döredilmegi üçin iş alyp barýandyklaryny aýdan Erdogan “Şehitlerimiziň ganlary ýerde galmady. Häzire çenli Asada tabynlykdaky güýçlerden 2100-den gowrak adamy täsirsiz ýagdaýa getirikdik, 300-a golaý ulagy hatardan çykardyk. 7 ýarag ammary partladyldy” diýdi.

Erdogan “Ssenariniň esasy maksady Siriýa däl eýsem Türkiýe, Siriýada maksadyna ýetenler ýaraglaryny Türkiýä çeýär” diýdi.

“Terror guramasy ÝPG/PÝD-ni sebitden çykarmak barada söz berdiler. Emma ne Russiýa ne-de ABŞ beren wadasynda durdy” diýen Erdogan, “Terror guramalaryna müňlerçe konteýnerlik ýarag we harby enjam kömegini berenler, Siriýanyň hökümetine ýarag we raketa berenler bize hiç hili goldaw bermedi. Hatda bosgunlar meselesinde hem bize goldaw bermediler” diýdi.

Erdogan “Jenap Putine hem aýtdym. Eger siz harby baza gurmak isleýän bolsanyz guruň, emma bize böwet bolmaň diýdim” diýip belledi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň gümrük geçelgeleriniň mundan soň ýapylmajakdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Erdogan “Birnäçe aý ozal ýagdaýlar üýtgemän halatynda gümrük geçelgelerimizi açarys diýipdik. Emma bize ynanmadylar. Biz bolsa düýn gümrük geçelgelerimiz açdyk. Şol gümrük geçelgelerinden 18 müň adam geçdi, şol san 20-25 müňe ýetip biler. Biz indi gümrük geçelgelerimizi ýapmarys” diýdi.

“Ýurdumyzda 3,7 million siriýaly bar” diýen Erdogan, Türkiýäniň täze göç tolkunynyň hötdesinden gelip bilmejekdigini ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar