Erdogan Idlibde we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Erdogan bilen Borisow Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalaryň sebite ýetirjek täsiri hakynda pikir alyşdy

1368916
Erdogan Idlibde we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Prezident R. T. Erdogan düýn ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Won Der Leýen, Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow we Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen Idlibde we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Prezident Erdogan, ÝB Komissiýasynyň başlygy Won Der Leýen bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Ursula Won Der Leýen telefon söhbetdeşliginde, Idlibiň başda durmagynda Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralýan hüjümler sebäpli emele gelen gumanitar krizis hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Siriýa krizisiniň çözülmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň has uly jogapkärçilik almalydygyny belledi.

Prezident Erdogan Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Borisow Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalaryň sebite ýetirjek täsiri hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdoganyň Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde bolsa Idlibdäki soňky wakalar bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

 

 



Degişli Habarlar