"Asada tabynlykdaky güýçlerden 309 adam täsirsiz ýagdaýa getirdik"

Akar Hataýda hyýanatçylykly hüjüm hakynda maglumat berdi

1368394
"Asada tabynlykdaky güýçlerden 309 adam täsirsiz ýagdaýa getirdik"

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň Idlib welaýatynda 33 esgeri şehit eden Asada tabynlykdaky güýçlerden 309 adamyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Akar Hataýda hyýanatçylykly hüjüm hakynda maglumat berdi.

Hüjümiň Idlibde türk esgerleriniň iş alyp barýan ýerleriniň Russiýa bilen utgaşykly ýagdaýda kesgitlenilendigine garamazdan guralandygyny aýdan Akar “Hüjümde tiz kömekleri ulaglary hem nyşana alyndy. Hüjümiň guralan ýerinde türk esgerleriniň iş alyp barýan zolagynda hiç hili ýaragly toparyň ýokdygyny nygtamak isleýärin” diýdi.

Milli Goranmak ministri Akar “Hyýanatçylykly hüjümden soň uçarmansyz howa ulaglarynyň we gury ýer güýçleriniň goldaw bermeginde Asada tabynlykdaky güýçlere degişli 200-den gowrak ýer nyşana alyndy. 5 dikuçar, 23 tank, 23 top we gaubisa hatardan çykaryldy. Asada tabynlykdaky güýçlerden 309 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.



Degişli Habarlar