Türkiýe Yraga we Italiýa Syýahat Etjekleri Ünsli Bolmaga Çagyrdy

Türkiýe raýatlaryna Yragyň we Italiýanyň koronawirus görülen ýerlerine, mejbur bolmadygy saýyn syýahat etmezlikleri barada maslahat berdi

1366899
Türkiýe Yraga we Italiýa Syýahat Etjekleri Ünsli Bolmaga Çagyrdy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Italiýada täze görnüş koronawirusa (Kovid-19) ýolugan we şol wirus sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň soňky günlerde artýandygy mälim edildi.

Beýanatda: “Türk raýatlarynyň mejbur bolmadygy saýyn Italiýanyň koronawirus wakalarynyň gabat gelinen sebitlerine syýahat etmezlikleri barada maslahat berilýär” diýip aýan edildi.

Beýleki tarapdan ministrlik, Yrak bilen bagly çap eden syýahatçylyk duýduryşynda bolsa, Kovid-19 wakalarynyň bu ýurtda hem artýandygyny habar berdi.

Beýanatda: “Raýatlarymyzyň, mejbur bolmadygy saýyn Yragyň koronawiruse gabat gelinen ýerlerine syýahat etmezlikleri, Yraga syýahat eden halatlarynda, ýurdyň koronawirus köp gabat gelinen sebitlerinden uzak durmaklary barada maslahat berilýär” diýip bellendi.



Degişli Habarlar