Wan welaýatyndaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Eýranyň günbataryndaky Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Khoý etrabynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremäniň duýulan ýerleriniň biri bolan Türkiýäniň Wan welaýatynda 4-si çaga jemi 9 adam ýogaldy

1364666
Wan welaýatyndaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, ýer titremede 9 adamyň ýogalandygyny, 9-synyň saglyk ýagdaýy agyr jemi 50 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Wan welaýatynyň gubernatory Emin Bilmez, harabalyklaryň aşagynda hiç kimiň galmandygyny aýan etdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, güýç merkezi Eýranda bolan we Türkiýäniň Wan welaýaty bilen birlikde ýurdyň gündogar welaýatlarynda hem duýulan ýer titremeden soň, ýurdyň Içeri işler ministri Süleýman Soýla telefon arkaly jaň edip, tebigy apat barada maglumat aldy.

Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň metbugat sekretary Müjteba Halidi, döwlet mediasyna beren beýanatynda, ýer titreme sebäpli 75 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň gubernatory Muhammed Mehdi Şahriýari, ýaralanan adamlaryň biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny, gözleg we halas ediş toparlarynyň ýer titreme sebitine gönükdirilendigini aýan etdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesine görä, ýer titreme welaýatyň 43 obasyna zyýan ýetirdi.

Eýranyň Tähran uniwersitediniň Seýismalogiýa merkezinden berilen beýanata görä, güýç merkezi Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Khoý etraby bolan ýer titreme, ýerli wagt bilen sagat 09:22-de bolupdy.

Ýeriň 6 km aşagynda bolan ýer titreme, Türkiýäniň Wan we onuň töweregindäki welaýatlarda hem duýuldy.

Ýer titremäniň duýulan ýerleriniň biri bolan Wan welaýatynyň Başkale etrabynda, kerpiçden gurulan käbir öýleriň ýumrulandygy mälim edilipdi.



Degişli Habarlar