Türkiýe Germaniýada guralan hüjüme reaksiýa bildirdi

Germaniýanyň Hanau şäherinde 2 aýry iş ýerine guralan hüjümde 9 adam ýogalypdy

1363264
Türkiýe Germaniýada guralan hüjüme reaksiýa bildirdi

 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Germaniýanyň Hanau şäherinde düýn iki iş ýerine guralan we 9 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýaragly hüjüm hakynda beýanat berdi.

 “Wakanyň jogapkärleriniň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi üçin nesmes ýolbaşçylarynyň degişli işleri amala aşyrmagyna garaşýarys we waka bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýdi.

Fuat Oktaý, hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa diledi.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop hem “Germaniýada rasist hüjümleriň artmagyna alada bildirýäris” diýdi.

Mustafa Şentop, “Germaniýa rasist hereketlere garşy degişi çäreleri görmeli diýip” duýduryş berdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Germaniýada düýn agşam guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi.

Çawuşoglu “ Ýewropa ýurtlary rasist hereketleriň öňüni alyp bilmese garaşylmadyk wakalar ýüze çykyp biler” diýdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn , Germaniýada guralan rasist hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa diledi.

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik mesele hakynda beren beýanatynda “Elhenç hüjüm Ýewropany ele geçiren rasizmiň we faşizmiň täze wagşyçylygydyr” diýdi.

Germaniýanyň Hanau şäherinde ýerli wagt bilen 22.00 töweregi 2 aýry iş ýerine guralan hüjümde 9 adamyň ýogalandygy, köp sanly adamyň ýaralanandygy nygtalypdy.

Türkiýäniň Germaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Kemal Aýdyn hüjümde ýogalanlaryň 5-niň türkdigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar