Erdogan: “Idlibe guraljak operasiýa wagt meselesi”

Prezident R.T.Erdogan Siriýanyň Idlib welaýatyna guraljak operasiýanyň wagt meselesidigini aýtdy

1362515
Erdogan: “Idlibe guraljak operasiýa wagt meselesi”

Erdogan partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda sözlän sözünde Idlibde başdan geçirilýän gumanitar pajyga meselesinde Russiýa bilen gepleşikleriň dowam edýändigini ýatladyp: “Gepleşiklerde häzirki wagta çenli gynansagam garaşýan netijämizi alyp bilmedik. Gepleşikler dowam edende-de stoluň başynda biziň isleýänimzden iň daşda durulýandygy hakykatdyr” diýdi.

Prezident Erdogan Idlibde hökümete aýyň ahyryna çenli berilen “Soçi ylalaşygynyň çäklerine çekilme” möhletiniň gutaryp barýandygyny, Türkiýäniň öz operasiýa maksatnamasyny iş ýüzüne geçirmek üçin ähli taýarlyklary görendigini aýtdy.

“Egerde şol sebitlerde degişli  ýurtlar Türkiýäniň howpsyzlyk meselesindäki aladasyny kanagatlandyrmasa, öz başymyzy çaramaga mejbur boljakdygymyzy her pursatda aç-açan beýan edýäris” diýen Erdogan: “Başga bir söz bilen aýdylanda İdlibe operasiýa guramak indi wagt meselesi” diýdi.



Degişli Habarlar