Ömer Çelik gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Ömer Çelik: “Asada tabynlykdaky güýçler çekilmese, harby taýdan taýarlyklarymyzy tamamlandygymyzy rus tarapyna ýetirdik” diýdi

1361844
Ömer Çelik gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçler ozalky serhedine çekilmese, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ony amala aşyrmak üçin gerek bolan harby taýarlyklaryny tamamlandygyny Russiýa habar berendiklerini mälim etdi.

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň käbir deputatlary bilen duşuşyk geçirdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi binasynda metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk 3 sagat dowam etdi. Duşuşykdan soň Ak partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik beýanat berdi.

Türk wekiliýetiniň Russiýanyň paýtagty Moskwada Siriýa bilen bagly geçiren gepleşikleriniň üstünde durup geçen Ömer Çelik: “Yzly-yzyna 2 gün gepleşikler geçirildi. Türkiýäniň tezisleri rus tarapyna ýetirildi. Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçler ozalky serhedine çekilmese, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ony amala aşyrmak üçin gerek bolan harby taýarlyklaryny tamamlandygyny açyk we anyk ýagdaýda rus tarapyna ýetirdi. Adamzat pajygasynyň öňüniň alynmagy üçin gerek bolan pozisiýa eýeledik. Ony hem rus tarapyna ýetirdik. Türk wekiliýeti gaýdyp geleninden soň giňişleýin hasabat berer” diýip mälim etdi.

Hytaý bilen edilýän gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Ömer Çelik: “Koronawirusa garşy göreşde Hytaý bilen jebislik içindediris, emma uýgurlar bilen baglanşykly örän köp sanda oňaýsyz habarlar bar. Bu habarlara alada bildirýändigimizi we gynanç duýýandygymyzy belläp geçýäris. Ýakyn wagtda Hytaýa resmi bir wekiliýet sapar gurar. Bu saparyň açyk bolmagyny we isleýän ýerlerimiziň açylmagynyň gerekdigini nygtap geçdik” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar