Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde, ekstremist terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1360334
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, käbir terrorçylaryň Hakurk sebitindäki bazalara hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanandygy mälim edildi.

Beýanatda: “Aralarynda hüjüm guramak we sabotaž etmek toparynyň jogapkäri hem bolan PKK-ly jemi 8 terrorçy guralan howa hüjümleri bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip habar berildi.


Etiketkalar: #Yrak , #PKK , #Türkiýe

Degişli Habarlar