Türkiýe terrora garşy göreşde Pakistana goldaw bermäge dowam eder

Prezident Erdogan saparynyň ikinji gününde Pakistanyň Milli Mejlisinde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş etdi

1359511
Türkiýe terrora garşy göreşde Pakistana goldaw bermäge dowam eder

 

Resmi sapar bilen Pakistana giden Prezident R. T. Erdogan saparynyň ikinji gününde Pakistanyň Milli Mejlisinde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Erdogan “Pakistanyň halkynyň Milli azat edijilik söweşi ýyllarynda bize beren kömeklerini ýatdan çykarmadyk. Inha indi biziň üçin Kaşmir şol manyny aňladýar” diýdi.

Pakistana syýasy taýdan basyş edilýändigine ünsi çeken Prezident Erdogan “Terrora garşy göreşde Pakistana goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçen Erdogan “Idlibde soňky günlerde edilen tagallalar netijesinde 4 million adamy Asada tabynlykdaky güýçleriň barrel bombalary bilen guraýan hüjümlerinde ýogalmagynyň öňüni aldyk” diýip belledi.

Prezident Erdogan “Türkiýe Liwiýadan Ýemene çenli çaknyşyklaryň dowam edýän künjeklerinde asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin tagalla edýär” diýdi.

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar parahatçylyk meýilnamasyna hem garşylyk görkezen Erdogan “ Jenap Donald Tramp bilen Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň arasynda Iýerusalim meselesinde gazanylan ylalaşyk asyryň parahatçylyk meýilnamasy bolup bilmez. Bu parahatçylyk meýilnamasy däl eýsem basyp alyjylyk taslamasy” diýdi.

Çykyşynda Kaşmir meselesi barada durup geçen Erdogan, Türkiýäniň Kaşmir meselesiniň adalatly ýagdaýda gepleşlik arkaly çözülmegine goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Prezident Erdogan resmi saparynyň çäginde Türkiýe-Pakistan işewürler maslahatyna gatnaşar we Pakistanyň Premýer ministri İmran Han bilen duşuşar.

Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda bolsa Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

 



Degişli Habarlar