“Her kim gözüni ýumsada, wyjdanyny doňdursada Türkiýe bu ýagdaýa ünssiz çemeleşmez”

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň mejlis toparynda çykyş etdi

1358089
“Her kim gözüni ýumsada, wyjdanyny doňdursada Türkiýe bu ýagdaýa ünssiz çemeleşmez”

Prezident R. T. Erdogan, Siriýada türk esgerine kiçijik zeper ýetirlen halatynda hem Asada tabynlykdaky güýçleri ähli ýerde nyşana almaga dowam etjekdiklerini yglan etdi.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň mejlis toparynda çykyş etdi.

Çykyşynda Idlibde asuda ilata garşy guralýan hüjümler hakynda durup geçen Erdogan “Her kim gözüni ýumsada, wyjdanyny doňdursada Türkiýe bu ýagdaýa ünssiz çemeleşmez” diýdi.

Prezident Erdogan “İdlibde asuda ilatly ýerleri nyşana alýan howa ulaglary indi ozalkysy ýaly arkaýyn hereket edip bilmezler” diýip belledi.

Erdogan “Esgerlerimize kiçijik zeper ýetirlen halatynda ähli ýerde Asada tabynlykdaky güýçleri nyşana aljakdygymyzy yglan edýärin. Mehmetçigiň ganynyň dökülen ýerinde hiç kimiň arkaýyn gezip bilmejekdigini açyk aýdyň aýdýaryn” diýdi.

Üstümizdäki aýyn ahyryna çenli Soçi ylalaşygynyň çäginde Asada tabynlykdaky güýçleri, türk gözegçilik nokatlaryndan çetleşdirmekde egilşik etmejekdiklerine ünsi çeken Erdogan “ Howadan we gury ýerden operasiýalarymyz güýçli depginde dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar