“Adada adalatly çözgüt Kipriň türk halkynyň syýasy deňligini üpjün edilmegi bilen tapylar”

Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Hami Aksoý adada adalatly çözgüdiň tapylmagy üçin Kipriň türk halkynyň syýasy deňliginiň üpjün edilmelidigini beýan etdi

1357952
“Adada adalatly çözgüt Kipriň türk halkynyň syýasy deňligini üpjün edilmegi bilen tapylar”

Aksoý grek metbugatyndaky käbir habarlar bilen bagly soraga beren ýazmaça jogabynda, Türkiýäniň Kiprdäki hemaýatkärlik ulgamynyň bes edilmegini kabul edendigi hakynda çykan habarlaryň hakykaty beýan etmeýandigini nygtady.

Türkiýäniň 1960-njy ýylda kabyl edilen London we Sýurih ylalaşyklary bilen kabul edilen hemaýatkärlik ulgamy boýunça pozisiýasynyň bellidigini nygtan Aksoý: “Türkiýe adada giň gerimli we adalatly çözgüdiň diňe Kipriň türk halkynyň syýasy deňliginiň üpjün edilmegi hem-de howpsyzlyk boýunça aladalarynyň ortadan aýrylmagy bilen tapyljakdygyny her pursatda beýan edýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar