Hulusi Akar Idlib bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň Idlib şäherindäki gözegçilik nokatlaryna ugradylan goşmaça harby güýje päsgel berilen halatynda gerek bolan jogabyň beriljekdigini habar berdi

1355988
Hulusi Akar Idlib bilen bagly beýanat berdi

Hulusi Akar, Siriýada we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilen soňky hadysalaryň üstünde durup geçdi. 

Türkiýäniň Idlib üçin B we Ç meýilnamalarynyň taýardygyny aýdan ministr Akar: "Biz kanuny talaplarymyzy tutenýerlilik bilen belläp geçýäris. Iň kiçijek hem hukugymyzyň basgylanmagyna rugsat bermeris. Emma ylalaşygyň düzgünleri bozulmaga dowam etse, biziň B we Ç meýilnamalarymyz bar" diýip aýan etdi. 

Hulusi Akar, Siriýanyň Idlib şäherindäki gözegçilik nokatlaryna ugradylan goşmaça harby güýje päsgel berilen halatynda gerek bolan jogabyň beriljekdigi barada duýduryş berdi. 

Akar: "Goşmaça harby güýç babatynda ol ýerlerdäki egindeşlerimiz rus resmiler bilen aragatnaşyga geçip, koordinasiýa edýärler. Şoňa garamazdan bir päsgelçilik ýüze çyksa, örän açyk ýagdaýda aýdýaryn, gerek bolan jogaby bereris" diýip nygtady. 

Hulusi Akar, Gündogar Ortaýer deňizi bilen baglanşykly bolsa, Türkiýäniň içinde bolmadyk kararlaryň ýaşamak mümkinçiliginiň bolmajakdygyny ýene-de bir gezek belläp: "Kiprde, Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeýde egilşik etmeris. Kiprde hkugymyzy ahyryna çenli gorarys. Biziň güýjümizi hiç kim synap görmesin" diýip aýan etdi. 

 



Degişli Habarlar