"Asada tabynlykdaky güýçlerden 76 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi”

Hulusi Akar, serkerdeler bilen Siriýa serhedinde ýerleşýän Operasiýa merkezine baryp gördi

1352707
"Asada tabynlykdaky güýçlerden 76 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň Idlib welaýatynda guralan howa hüjüminde 8 adamyň şehit bolmagyndan soň guralan operasiýada Asada tabynlykdaky güýçlerden 76 adamyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we beýleki serkerdeler bilen Siriýa serhedinde ýerleşýän Türk ýaragly güýçleriniň Idlibde çaknyşyksyz zolakdaky opersiýalaryny gönükdirýän Operasiýa merkezine baryp gördi.

Akar ol ýerde beren beýanatynda, “Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan öňňin ýerli wagt bilen 01.13-de esgerlerize garşy ot açyldy. Goranyş hukuklaryna laýyklykda Asada tabynlykdaky güýçlere garşy guralan operasiýada 54 ýer nyşana alyndy we häzire çenli Asada tabynlykdaky güýçlerden 76 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi”diýdi.

Idlibde Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan howa hüjüminde 5-i esger 8 adam şehit bolupdy.

 

 

 



Degişli Habarlar