Prezident Erdogan Staw žurnalyna beýanat berdi

Erdogan Bosniýa-Gersegowinada çap edilýän Staw žurnalyna beren beýanatynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

1349770
Prezident Erdogan Staw žurnalyna beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Siriýanyň Idlib şäherinde artýan hüjümlerden soň ýene-de 250 müň adamyň Türkiýe serhediniň golaýyna gelendigini belläp: "Bu gyrgynçylyklar dowam eden halatynda adamlaryň sany has hem artar. Emma Türkiýäniň täze bir bosgun tolkunynyň hötdesinden ýeke başyna gelmegi mümkin däldir" diýip belledi.  

Erdogan Bosniýa-Gersegowinada çap edilýän Staw žurnalyna beren beýanatynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi. 

Türkiýäniň häzirki wagtda dünýäde iň köp bosguna ýer eýeçiligini eden we milli girdejä görä dünýäniň iň jomart ýurdudygyna ünsleri çeken Erdogan: "Ýagdaý şular ýalyka mümkinçilikleri bizden ençeme esse gowy bolan Ýewropa ýurtlary, Siriýa babatynda synagdan gowy geçip bilmedi. Ýurdumyza berilen sözler ýerine ýetirilmedi" diýip nygtady. 

Erdogan: "Siriýa meselesine käbir ýurtlar diňe bähbit, güýç we nebit taýdan garaýar. 1 million adamyň ýogalan we 12 million siriýalynyň öýlerini terk etmäge mejbur galan bular ýaly uly bir tragediýany pursada öwürmegiň aladasynda. Muny bolsa adamlaryň öňünde tapawutly sebäpler bilen boýun aldylar. Ýeke täk aladalarynyň nebit çeşmelerini ele geçirmekdigini açyk ýagdaýda aýtdylar. Günorta serhedimiz boýunça döredilmäge synanyşylan terror koridorynyň arkasyndada bu niýetler bardy" diýip belledi. 

Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen gabalmak islenendigini aýdan Erdogan, bu meýilnamalaryň soňky 3 ýylda geçirilen 3 aýry üstünlikli operasiýa bilen puja çykarylandygyny habar berdi.  

Prezident Erdogan, 8 müň 300 ind km ýeriň terror guramalary DAIŞ we PKK/ÝPG-den saplanandygyny, howpsyz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Palestina meselesi bilen bagly Erdogan, Palestina meselesiniň Türkiýäniň iň möhüm daşary syýasatlaryndan biridigini aýan etdi. 

Erdogan: "Ysraýylyň hökümetiniň dünýäniň iň uly açyk howa tussaghanasyna öwüren Gazadaky doganlarymyzyň ýüküni ýeňletmek üçin tagalla edýäris" diýdi. 

 


Etiketkalar: #žurnal , #Erdogan

Degişli Habarlar