Prezident Erdogan, Alžiriň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tabbun bilen duşuşyk geçirdi

1347648
Prezident Erdogan, Alžiriň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
erdoğan tebbun.jpg
erdoğan tebbun.jpg
erdoğan cezayir  1.jpg

Prezident köşgündäki ikiçäk duşuşyk metbugat işgärlerine ýapyk häsýetde geçdi. 

Ikiçäk duşuşykdan soň, toparara gepleşikler geçirildi. 

Duşuşygyň metbugata açyk bölüminde çykyş eden Prezident Erdogan, Tabbun bilen netijeli duşuşyk geçirendigini habar berdi. 

Ykdysadyýet, söwda, goranyş senagaty we syýahatçylyk ýaly ugurlarda edip boljak umumy ädimleri we hyzmatdaşlygy maslahatlaşandyklaryny aýdan Erdogan, duşuşygyň esasy ugrunyň bolsa Liwiýa meselesinden ybarat bolandygyny aýan etdi. 

Umumy metbugat ýygnagyndan ozal Erdogan we Tebbun, iki ýurdyň arasyndaky Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň döredilmegi bilen bagly şertnama gol çekdiler. 

Beýleki tarapdan Erdogan, Alžiriň Prezidenti Tebbun bilen geçirilen umumy metbugat ýygnagynda, Liwiýada akýan ganyň durmagy üçin Türkiýe hökmünde göreşmäge dowam etjekdiklerini habar berdi.  

Erdogan, maslahatda eden çykyşynda, hüjüm edýän tarapy sylaglandyrýan, parahatçylygyň we ylalaşygyň tarapdary bolanlary jezalandyrýan bir pozisiýanyň Liwiýa betbagtçylyk getirjekdigini beýan etdi. 

"Liwiýanyň terror guramalarynyň we uruş baronlarynyň oýun meýdançasy ýagdaýyna gelmegine rugsat bermeli däldiris" diýen Erdogan: "Türkiýe hökmünde elimizdäki ähli mümkinçilikler bilen liwiýaly doganlarymyzyň ýanynda bolmaga dowam ederis" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun bilen Liwiýa meselesi boýunça edip boljak ädimleri we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşandygyny habar berdi. 

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun hem maslahatda eden çykyşynda: "Prezident Erdogan bilen söwda kuwwadymyzy 5 milliard dollardan hem geçirilmegi babatynda ylalaşdyk" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #sapar , #Alžir , #Erdogan

Degişli Habarlar