Fuat Oktaý Somalide guralan hüjümde ýaralanan adamlar bilen duşuşdy

Ankara Şäher hassahanasyna baran Fuat Oktaý, bombaly hüjümde ýaralanan adamlaryň, hassahanada bejergisi dowam edýänleriniň ýanyna bardy

1346109
Fuat Oktaý Somalide guralan hüjümde ýaralanan adamlar bilen duşuşdy

Wise-prezident Fuat Oktaý, Somaliniň paýtagty Mogadişuda bir türk potratçy kärhananyň gurluşyk meýdançasynda guralan bombaly hüjümde ýaralanan adamlary we bejergi alýan hassahanasyny zyýarat etdi.

Ankara Şäher hassahanasyna baran Fuat Oktaý, bombaly hüjümde ýaralanan adamlaryň, hassahanada bejergisi dowam edýänleriniň ýanyna bardy.

Fuat Oktaý, ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlary barada lukmanlardan maglumat aldy.

Oktaý, ýaralanan adamlaryň dogan-garyndaşlary bilen hem duşuşyk geçirip, Prezident R.T. Erdoganyň salamyny we gynanjyny ýetirdi.

Fuat Oktaý, Mogadişuda geçen ýylyň 28-nji dekabrynda gümrük merkeziniň golaýynda bomba ýüklenen ulagyň partladylmagy netijesinde ýaralanan we şol bir hassahanda bejergi alýan adamlaryň hem ýanlaryna bardy.

Somaliniň paýtagty Mogadişunyň günorta-günbataryndaky Afgoýe şäherinde, bir türk potratçy kärhananyň gurluşyk meýdançasynda guralan bombaly hüjümde ýaralanan 10 adam, düýn bejergi maksat bilen Türkiýe getirilipdi.



Degişli Habarlar