"Liwiýa durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin harby topar ugratdyk"

Prezident Erdogan, Ysraýyla, Gresiýa we Müsüre üstü ýapyk görnüşinde ýüzlenme berdi

1342077
"Liwiýa durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin harby topar ugratdyk"
cumhurbaskani erdogan 2019 degerlendirme1.jpg

 

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň Liwiýanyň legal hökümetiniň öz işini dowam etdirmegi we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin harby topar ugradandyklaryny aýtdy.

2019-njy ýylyň jemleri boýunça Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçirlen maslahatda çykyş eden Prezident Erdogan, Ysraýyla, Gresiýa we Müsüre üstü ýapyk görnüşinde ýüzlenme berdi.

Türkiýäni Ortaýer deňizinde öz kenarlaryndan daşary çykmazlygy baradaky senariniň durmuşa geçirilmäge çalşylandygyny ýatladan Erdogan “Ilki DKTR bilen, soň bolsa Liwiýa bilen baglaşan şertnamalarymyz bilen olaryň oýunlaryny bozduk. Türkiýäniň we Liwiýanyň kenarlarynyň arasyndaky sebitde iki ýurduň razyçylygy bolmazdan hukuky taýdan gözleg we burawlaryş işlerini geçirip bilmezler” diýip belledi.

Liwiýanyň legal hökümetiniň öz işini dowam etdirmegi we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin harby topar ugradandyklaryny aýdan Erdogan, Türkiýäniň syýasy, söwda, harby we diplomatiýa taýdan günorta serhedinde durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini belledi.

Türkiýäniň, Siriýa we Yrak krizislerinde ejir çekenler üçin gapylaryny açandygyny ýatladan Erdogan, “Siriýadaky terror guramalary tarapyndan ýurdumyza abanýan howplar sebäpli Ýefrat derýasynyň günbatarynda guralan Ýefrat Galkany we Zeýtun Şahajygy operasiýalary bilen DAIŞ-i täsirsiz ýagdaýa getirdik we PÝD-nyň oýunlaryny bozduk” diýdi.

Erdogan, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen Ýefradyň gündogarynda terror koridorynyň açylmagynyň öňüni alandyklaryny nygtady.

Prezident Erdogan Soçi ylalaşygy bilen İdlibde 4 million adama täsirini ýetirip biljek uly pajyganyň öňüni alandyklaryna ünsi çekdi.

Goňşy Yragyň territorial bitewiligine uly ähmiýet berýändiklerini we Yrakdaky türkmen doganlaryň hak-hukuklaryna sarpa goýandyklaryny nygtan Erdogan, Türkiýäniň Basra we Mosul şäherlerindäki Başkonsulluklarynyň ýaňadan açylmagyny, Nejefde we Kerkukda hem täze Başkonsullyk açmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

 

 

 



Degişli Habarlar