2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan bäri Idlibden 312 müň adam Türkiýe serhedine göçdi

Süleýman Soýlu, Idlibe ýardam kampaniýasynyň tanyşdyrylyş maslahatynda çykyş etdi

1339897
2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan bäri Idlibden 312 müň adam Türkiýe serhedine göçdi

2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan bäri Idlib şäherinden 312 müň adam Türkiýe serhedine göçdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Idlibe ýardam kampaniýasynyň tanyşdyrylyş maslahatynda eden çykyşynda, Prezident R. R. Erdoganyň tagallasy bilen Idlibde we Liwiýada hüjümleriň bes edilendigini nygtady.

Soýlu, Idlibde içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan öň 1,5 million adamyň ýaşaýandygyna we şu günki günde bolsa ilatynyň 3,7 million adama ýetendigine ünsi çekdi.

Ministr Soýlu, “Soňky döwürde başdan geçirlen wakalar we çaknyşyklar sebäpli 2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan bäri 312 müň adam serhetlerimiziň golaýyna çenli geldi, şolaryň 76 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat”diýip belledi.

Ynsanperwer kömek guramalaryna berýän goldawlary üçin sagbolsun aýdan Süleýman Soýlu “Ynsanperwer kömek guramalarymyz häzire çenli 217 müň 320 adama ynsanperwer kömegini berdi, emma  bu ýeterlik däl” diýdi

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar