Prezident Erdogan “Global Musulman Şahsyýet sylagyna” laýyk görüldi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, 2-nji gezek “Global Musulman Şahsyýet sylagyna” laýyk görüldi

1338878
Prezident Erdogan “Global Musulman Şahsyýet sylagyna” laýyk görüldi
erdogan muslim news nigeria.jpg

Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýada çap edilýän “Muslim News Nigeria” gazediniň redaktory Raşid Ebubekir 2019-nji ýyl üçin “Global Musulman Şahsyýet sylagynyň” netijesini aýan etdi.

Ebubekir 2018-nji ýylda hem sylagyň Prezident Erdogana berilendigini ýatladyp: “Hem Yslam dünýäsinde hem-de halkara arenada jedelleşiksiz ýagdaýda täsiri we güýji sebäpli sylag bu ýyl hem Erdogana berildi” diýip habar berdi.

Prezident Erdoganyň, hemişe ejir çekenleriň ýanyndadygyna ünsleri çeken Ebubekir: “Erdogan Siriýa, Mýanma, Kaşmir we Palestina babatynda hemişe nägileligini bildirdi” diýip mälim etdi.

Ebubekir, Prezident Erdoganyň Kuala-Lumpur maslahatynda hem musulmanlaryň birligi we jebisligi üçin tagalla edendigini habar berdi.

Sanawyň 2-nji ornuna Malaýziýanyň Premýer ministri Mahathir Muhammed, 3-nji oruna asly Somalili bolan Amerikan Kongresiniň agzasy musulman Ilhan Omar, 4-nji oruna Gambiýanyň Prezidenti Adama Barrow we soňky 5-nji oruna asly türk bolan futbolçy Mesut Özil laýyk görüldi.


Etiketkalar: #sylag , #Nigeriýa , #Erdogan

Degişli Habarlar