Çawuşogly, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy maksady bilen şu gün Yraga gider

Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy üçin diplomatik tagallalaryny dowam etdirýär

1336889
Çawuşogly, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy maksady bilen şu gün Yraga gider

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy maksady bilen şu günYraga gider

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, “Sebitimizde soňky döwürde başdan geçirilýän dartgynlygyň azaldylmagy maksady bilen Türkiýe diplomatik tagallalaryny dowam etdirýär. Şol çäkde ministr Çawuşogly 2020-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Yraga sapar gurar” diýildi.

Beýanatda, saparyň çäginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde özara gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar