Türkiýe Ukraina we Eýrana duýgudaşlyk bildirdi

Türkiýe Ukrain Howaýollaryna degişli uçaryň Eýranda ýere gaçmagy sebäpli Ukrainanyň we Eýranyň halklary bilen hökümetlerine duýgudaşlyk bildirdi

1337147
Türkiýe Ukraina we Eýrana duýgudaşlyk bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Tähran-Kiýew saparyny amala aşyrýan Ukrain howaýollaryna degişli uçaryň uçandan gysga möhlet soň ýere gaçandygy, uçardaki ähli ýolagçylaryň we ekipažyň ýogalandygy ýatladyldy.

Beýannamada: “Dost ukrain we Eýranyň halklaryna hem-de hökümetlerine içgin duýgudaşlyk bildirýäris, aradan çykanlaryň hossarlaryna we ýakynlaryna sabyr dileýäris” diýilýär.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewe gitmek üçin Tähranyň Ymam Homeýni Halkara howa menzilinde uçan “Boeing 737” kysymly ýolagçy uçarynyň gysga möhlet soň ýerli wagt boýunça 06:18-de tehniki näsazlyk sebäpli ýere gaçandygy habar berilipdi.

Ýçardaky ýolarçylardan we ekipaždan ybarat bolan 176 adamyň ählisiniň ýogalandygy beýan edilipdi.



Degişli Habarlar