Yragyň demirgazygynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi
1334654
Yragyň demirgazygynda terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görýändigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen maglumatda: “Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görýändigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär” diýip aýan edildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.