Moldawiýanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Moldawiýanyň Prezidenti Igor Dodon, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä resmi sapar gurar

1331357
Moldawiýanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, saparyň çäginde, Türkiýe-Moldawiýa Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty ertir Prezident Erdoganyň we kärdeşi Dodonyň ýolbaşçylygynda Ankarada geçiriler.

Türkiýäniň we Moldawiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň gözden geçiriljek we hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi üçin ediljek ädimleriň ele alynjak duşuşyklarda, ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler barada hem pikir alyşylmagy meýilleşdirilýär.

Saparyň çäginde käbir şertnamalara gol çekilmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #sapar , #Prezident , #Moldawiýa

Degişli Habarlar